Türkmenistan bilen Slowakiýanyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň nobatdaky mejlisi Bratislawa şäherinde geçiriler

21 Iýul 2024
161

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 16-17-nji iýulda syýasy geňeşmeleri we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin Slowakiýa Respublikasynda saparda boldy. Saparyň esasy maksady ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak we iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar.

Saparyň çäklerinde A.Gurbanowyň Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Marek Eştok, Slowakiýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet sekretary Wladimir Şimonýak, Prezidentiň Diplomatik meseleler boýunça geňeşçisi Ýan Kubiş, Slowakiýanyň Milli Geňeşiniň (Parlament) daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Marian Keri we Slowakiýanyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Peter Mihok bilen duşuşyklary geçirildi.

Çeşme: mfa.gov.tm