Halk Maslahaty — ösüşlere binýat

22 Iýul 2024
119

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni şanly wakalara öwrülýär. Şu ajaýyp günlerimizde “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararynyň kabul edilmegi şatlykly wakalaryň üstüni ýetirdi.

Täze taryhy döwrümizde döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleridir. Şonuň bilen baglylykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka öwrüler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky Karary öňdäki möhüm çärä taýýarlyk işlerine özboluşly badalga berdi.

Mähri GUMMANOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň statisti.