Ykballary nurlandyrýan döwrüň beýik ösüşleri

21 Iýul 2024
258

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerimizi naýbaşy orunda goýup, ýurdumyzy ähli ugurlarda gülläp ösýän döwlete öwürmek babatdaky giň gerimli özgertmeleriň rowaçlyklara beslenmeginde döredijilikli zähmetiň nusgasyny görkezýän agzybir halkymyzyň beýik maksatlarynyň myradyna gowuşýan zamanasydyr. Şöhratly taryhymyzyň altyn sahypalaryny artdyrýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işler, nurana geljegimizi nazarlaýan iri möçberli taslamalar muňa buýsançly subutnamalardyr. Dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýän şeýle döwletli işler ýurdumyzyň bedew batly okgunly ösüşleriniň, ynsanperwer döwlet syýasatynyň rowana ak ýollary baky hemra edinenliginiň aýdyň güwäsidir. Şol bir wagtda, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň berkarar eden döwletlilik ýol-ýörelgesini üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyzyň anyk mümkinçiliklere esaslanýan ägirt uly taslamalaryň dowamly amala aşyrylýan ajaýyp mekanyna öwrülendigini hem aýdyň görkezýär. Munuň anyk mysallary bolsa durmuşa geçirilen beýik işlerde aýdyň görmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň noýabr aýynyň ilkinji günlerinde Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň, Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbi tutulyp, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy ulanmaga berildi. Elbetde, bu pursatlar sebitiň ilatynyň durmuşynda taryhy wakalar bolupdy. Sebäbi iri möçberli taslamalar bu künjegiň nurana geljeginiň, durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň kepilidir. 4 sany gaz hem-de 2 sany bug turbinalaryny özünde jemleýän elektrik stansiýasynyň öndürijilik kuwwaty 1574 megawata deň bolup, ol ýurdumyzda şeýle kuwwatly elektrik stansiýasynyň ikinjisidir. Desga ökde hünärli işgärleriň 150-den gowragyny hemişelik iş orunlary bilen üpjün eder. Diýmek, bu iri möçberli taslama ilatyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşydyr, ojaklaryň abadançylygydyr, egsilmez rysgal-berekedidir.

Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.