Halal zähmetiň berekedi

19 Iýul 2024
303

Pederleriň «Azapsyz ýeriň ady ýok» diýen pendine eýerýän daýhanlarymyz oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagy, azyk bolçulygyny has-da berkitmegi maksat edinip, önjeýli we döredijilikli zähmet çekýärler. Olar daýhançylyk tejribelerini ylymda gazanylýan üstünlikler bilen utgaşdyryp, ekin meýdanlaryny giňeltmegiň däl-de, her gektaryň hasyllylygyny artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini boldan öndürmäge çalyşýarlar.

Murgap jülgesiniň edermen gallaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýat boýunça 345 müň tonna bugdaýy Watan harmanyna goşmagy uly zähmet ýeňşini alamatlandyrdy. Bu arzyly sepgit olary ýeneki üstünliklere ruhlandyrdy. Daýhanlar oba hojalyk pudagyny köptaraplaýyn ösdürmekde-de öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri özümizde ýetişdirip, ilaty ekologik taýdan arassa, datly, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek babatda öňde goýýan wezipelerine päk zähmet bilen jogap bermegiň hötdesinden gelýärler. Ýurdumyzyň ilatyny ýylyň bütin dowamynda ter gök, bakja we miwe önümleri bilen üpjün etmekde asylly işleri alyp barýarlar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.