Şygryýet dürdänesi

17 Iýul 2024
298

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmän gelýän «Saglygym — baýlygym», «Il saglygy — ýurt baýlygy» ýaly giň many-mazmuna ýugrulan pähimleri döwlet syýasatymyzyň we giň gerimli özgertmelerimiziň möhüm ýörelgesi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň köpugurly döredijiliginde hem ynsan saglygyna degişli dürdäne setirlere köp duş gelmek bolýar. Akyldar şahyryň şygyrlarynda ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan saglyk, ony gorap saklamak ýaly pikirler giňden öz beýanyny tapýar.

Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen nakyla öwrülen setirleri saglygy gorap saklamagyň şygaryna öwrüldi. Akyldar şahyrymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan ündewlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda amala aşyrylýan saglyk syýasaty ynsan saglygyny gorap saklamaga gönükdirilendir. Ynsan saglygyny gorap saklamagyň esasy şertleriniň biri sagdyn iýmitlenmek ýörelgesidir.

Maýa DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.