Täsin jandarlaryň dünýäsine syýahat

15 Iýul 2024
912

Köpetdagyň geň-enaýy ýerleri sanardan kän. Gökderäniň tebigy dag eteklerinde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýi bolsa diňe bir çagalary däl, eýsem, olaryň ene-atalarynyň hem wagtlaryny hoş geçirmäge çagyrýan ajaýyp künjekleriň biridir.

Janly tebigatyň milli muzeýi hemişe köp adamly. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, 40 gektardan gowrak meýdany tutýan toplumy doly aýlanyp çykmak üçin esli wagt gerek. Bu täsin dünýä janly-jandarlaryň ençemesini özünde jemleýär. Bu ýerde olaryň muşdaklary üçin ýabany we öý haýwanlarynyň, guşlaryň, süýrenjileriň we suwda ýaşaýan haýwanlaryň köpüsi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilen. Onda düýeguşlar, zebralar, geçigaplaňlar, žiraflar, sülgünler, lamalar, sugunlar, şeýle-de ýylanlaryň we maýmynlaryň dürli görnüşleri goralyp saklanylýar. Toplumyň haýwanlarynyň aglabasy Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen, örän seýrek duş gelýän jandarlaryň wekilleridir.

Merjen ÝAZLYÝEWA,
«Watan».