«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän sport syýasaty oňyn netijelerini berýär. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrýarlar. Ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen köpçülikleýin meşgullanmaklary bolsa ýurdumyzda sport syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň hem-de sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti barada giňişleýin düşündirilýär. Sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini, milliligi, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde geçirilýän çäreleriň ajaýyp netije berýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr.