«Sporta gadymy döwürlerden bäri parahatçylygyň, dostlugyň nyşany hökmünde garan ata-babalarymyzyň asylly ýoluny dowam etdirip, biz sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ählumumy serişdesi hökmünde görýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan dünýäde sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmaga, sportuň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen Kararnamalaryň kabul edilmegi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň paýtagtymyzda geçen mejlisinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň kabul edilmegi, ýurdumyzda geçirilen ençeme halkara ýaryşlar we giň gerimdäki medeni-sport we ekologiýa çäreleri döwlet Baştutanymyzyň bu sözleriniň döwrümiziň beýik hakykatynyň beýanydygyna güwä geçýär. Umuman, ýurdumyzyň alyp barýan sport diplomatiýasynyň rowaçlyklara beslenmeginiň Türkmenistanyň sport ýurdy diýlip ykrar edilmegini üpjün edendigini buýsanç bilen aýdyp bileris.