Türkmenistan we ÝB ulag pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligini öwrenýärler

12 Iýul 2024
264

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Komissiýasynyň ulag meseleleri boýunça baş geňeşçisi Henrik Hololeý, DG INTPA-nyň müdiri Peteris Ustubs we Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň (EEAS) wekili Andrea Rossi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda ulag pudagynda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ýokarlandyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň orny aýratyn nygtaldy. Taraplar sebitara hyzmatdaşlykda ÝB bilen Merkezi Aziýanyň ulag pudagyndaky möhüm ösüşini bellediler we bu ugurda Türkmenistanyň işjeň garaýşyna ünsi çekdiler.