Döwrüň demografik meýilleri

12 Iýul 2024
277

Bütindünýä ilat gününe bagyşlanan duşuşygyň üns merkezinde

Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Bütindünýä ilat gününe bagyşlanan çäre geçirilip, ÝUNFPA-nyň 2024-nji ýylda dünýäniň ilaty hakynda ählumumy Hasabatyny tanyşdyrmak onuň gün tertibiniň esasyny düzdi. Bu hasabatda häzirki döwrüň demografik meýilleridir wehimleri beýan edilip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bu ugurda maglumatlary toplamagyň we ulanmagyň möhümdigi bellenilýär. Esasy çekişmeleriň we sowal-jogap alyşmalaryň dowamynda ilat meselelerini çözmekde inklýuziw maglumatlaryň ähmiýeti baradaky pikir-garaýyşlara aýratyn orun berlip, çäre Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilen jemlendi.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.