Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li

11 Iýul 2024
248

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen Türkmenistany däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, taryhyň dowamynda emele gelen medeni-ruhy umumylyk baglanyşdyrýar. Munuň özi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen tarapynyň ŞHG-niň sammitlerine hor­mat­ly myh­man hök­mün­de yzygiderli gatnaşmagy ýurdumyzyň döwletara, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýändiginiň, Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň nyşanydyr. Bu hakykat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji iýulda Astanada geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmagynyň mysalynda-da aýdyň açylýar.

ŞHG — Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm äh­mi­ýet­li, gel­je­gi uly hyz­mat­da­şy