Säher wagty seýran edip gezerkäm…

11 Iýul 2024
245

Çeper söz sungatyny baýlaşdyryp, türkmen halkynyň milli ruhuny açmakda ägirt uly şahyrana öwrülişik döreden Magtymguly Pyragynyň çeperçilik dünýäsi müň dürli öwüşgini bilen üç ýüz ýyl wagt bäri ynsanlaryň ruhuny ganatlandyryp gelýär. Şahyr döredijilik ussatlygynyň ägirt giň hem hertaraplylygy bilen dünýä edebiýatyny ýokary belentliklere eýe etdi. Hut şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyz dana akyldaryň mirasyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip, jaýdar kesgitleme berdi.

Beýik Pyragynyň köpöwüşginli mirasynda, durmuşyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, dünýä, tebigat baradaky pikirlenmeler aýratyn orny eýeleýär. Beýik akyldaryň pikirine görä, dünýä hadysalary suwdan, daşdan, toprakdan, howadan, otdan düzülýär we özleriniň birleşmekleri esasynda dürli-dürli fiziki häsiýetleri emele getirýärler.

Ogulgözel ŞAGULYÝEWA,
«Zenan kalby».