Çagalyk dünýämiziň senasy

11 Iýul 2024
336

Adamzat durmuşyndaky iň şirin mukam hüwdüdir. Çünki hüwdi her bir maşgalanyň iň eziz görülýän, göz-guwanjy hasaplanýan körpeje agzasyna bagyşlanan ene ýüreginiň synmajak söýgüsiniň mährem owazydyr. Dünýäde hiç bir aýdym, hiç bir mukam, hiç bir owaz ene söýgüsini ene hüwdüsi ýaly ähli çuňlugy bilen açyp görkezip bilýän däldir. Hüwdülerde naşyja çagany meýmiredip, uka batyryp biljek täsin güýç bar, onda soňsuz mähir jemlenen.

Nesillerimiziň aňyna milli ýörelgelerimiz baradaky düşünjeleri guýmaga uly goldaw berýän hüwdi bentleriniň her bir setiri terbiýeçilik ähmiýetlidir. Olar dogduk Diýary, eziz Watanyňy söýmegiň, döredijilikli zähmet çekmegiň nusgasy bolup, ýyllaryň dowamynda kämilleşip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Ogultäç HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.