Türkmenistan – BMG: ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

11 Iýul 2024
234

Hormatly Prezidentimiziň ýokary diplomatik ussatlygy ýurdumyzyň sebit we dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge itergi berýär. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr.

Türkmenistan BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümlerine ählumumy gatnaşyklar ulgamynyň sütüni, bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň bu düzümiň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmagy munuň şeýledigini tassyklaýar. Bu bolsa bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk, özara hormat goýmak diplomatiýasyny ilerletmek, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar.

Şirmyrat ŞYHDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi.