Dost sarpasy

11 Iýul 2024
181

(Hekaýa) 

Dogduk depäňde erkin ýaşamak uly bagt. Öz topragyň üstünde ýagşy häsiýetiňi mälim etmegiň özi-de ynsanlykdan nyşan. Magtymguly şeýle behişdi mekanda ýaşaýanlygyna guwanyp gezýärdi. Munuň üstüne, ol özüne wepaly dost tapanlygyna monça bolýardy. Jan içindäki jan bolýan dostuna guwanyp ýaşap ýören Magtymguly, her gün diýen ýaly, söwer dosty Orazmeňlini görmese, bir zady kem ýalydy. Orazmeňliniň düşünje-garaýşy-da örän giňdi. Toýlarda diňläp görensoň, dostunyň labyzly, şirin aýdymlary ony özüne imrindiripdi. Dogrusy, Magtymguly dostunyň aýdýan aýdymlaryna ýüregi bilen kökerilipdi. Ol aýdymlaryň köpüsi yşky aýdymlardy. Orazmeňli-de, Magtymguly-da juwan ýigitlerdi. Şonuň üçin bolmagy-da mümkin, Magtymguly onuň aýdýan yşky aýdymlaryny ýüregi bilen berlip diňleýärdi.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.