Hümmet ýagşydyr...

11 Iýul 2024
192

Türkmen halkynyň taryhy, şol sanda türkmen ykdysady taglymatynyň taryhy hem beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we onuň dünýägaraýşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dana şahyryň döredijiliginde halkyň hojalyk durmuşy, ykdysady garaýyşlary öz beýanyny tapypdyr. Magtymguly Pyragynyň «Armanym galdy» goşgusynda bazar we haryt gatnaşyklaryna degişli jümlelere duş gelmek bolýar. «Gymmat ýagşydyr» atly goşgusynda maddy gymmatlyk, pul we onuň hümmeti diýen düşünjeler babatda şeýle setirler bar:

Söwdagärlik kylyp bazar gezenden,
Alsaň nesihatym, gymmat ýagşydyr.
Hatam bolup, günde gyzyl berenden,
Köňülde edilen hümmet ýagşydyr.

Ogulhajar GULOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.