Ylmy-tehniki gatnaşyklary ilerledip

11 Iýul 2024
262

Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu günki gün türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak ugrundaky bilelikdäki tagallalar oňyn netijeleri berýär. «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky dialog hem her bir ýurduň milli bähbitlerini hasaba almak bilen guralýan, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin netijeli gurallaryň biri hökmünde meşhurlyga eýe boldy. Golaýda bolsa ýurdumyzyň wekiliýeti Urumçi şäherinde agzalan formatyň çäginde guralan ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça halkara foruma gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, görnükli alymlary, oýlap tapyjylary, akyldarlary dünýä beren Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklary baý medeniýetiň, ylmy däpleriň mirasdüşerleridir. Şoňa görä-de, bu günki gün bilim, ylym, innowasiýa, medeniýet we sungat ýaly ugurlarda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselesi döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär.

Mämmetberdi ELÝASOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri.