Röwşen geljegimiziň binýady

10 Iýul 2024
185

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär, adamlaryň döredijilikli işlemekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ykdysadyýetde, ulag-aragatnaşykda, medeniýetde, ylymda-bilimde uly ösüşler gazanylýar. Şeýle beýik üstünliklere beslenýän eziz Diýarymyzda röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň sagdyn ösmegine, ylym-bilim öwrenmeklerine ähli şertler bar. Şunda ýaşlaryň watansöýüji, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerine uly üns berilýär.

Ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi sport bilen baglanyşyklydyr, çünki sport sagdyn durmuş ýörelgeleriniň gözbaşydyr, kämilligiň binýadydyr. Ruhubelentlik, bagtyýarlyk we sagdynlyk ýaşlarymyzyň sporta, bedenterbiýä bolan islegini has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş we sport ulgamyny ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berlip, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi, sporty ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän bedenterbiýe we sport desgalarynyň gurulmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Dünýä nusgalyk Arkadag şäherinde hem ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklaryna, ussat türgen bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilik döredilendir. Munuň özi sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine uly üns berilýändigini aýdyň beýan edýär.

Akmaral ÝAGMUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.