«Akylly» şäheriň lukmançylyk mümkinçilikleri

9 Iýul 2024
285

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramakda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň ähmiýeti uludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän işler bu babatda agzalmaga mynasypdyr.

Güneşli Diýarymyzda häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, derman senagatynyň döwrebap kärhanalary gurulýar, ýurdumyzyň çäginde bar bolan dermanlyk ösümlikleriň ekologiýa derejesi, olaryň dermanlyk häsiýetleri ylmy esasda öwrenilýär, ýerli çig mallardan saglygy goraýyş ulgamynda zerur bolan dermanlyk serişdeleri öndürilýär. Şonuň bilen baglylykda, Köpetdagyň eteginiň taryhy künjegindäki Arkadag şäherinde bina edilen saglygy goraýyş maksatly desgalaryň möhüm ähmiýeti bellärliklidir. «Akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň hatarynda lukmançylyk edaralarynyň, ylaýta-da lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň bolmagy buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Annagül ATAÝEWA,
Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany.