Saglyk — altyn täç

9 Iýul 2024
246

Saglyk we sagdynlyk — bagtyýarlygyň gözbaşy, ýagşylyga, haýyrly işlere ugrukmagyň sakasy. Ýurdumyz sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hasaplanýar. Şonuň üçin hem döwletimiziň çäginde ynsanlaryň ömür goraglylygyny üpjün etmek bilen bagly asylly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa hem-de döwrebap lukmançylyk merkezlerindäki halkara ölçeglerine kybap gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary enäniň we çaganyň saglygynyň goraglylygynyň birkemsiz üpjün edilmegine şert döredýär.

Çagalaryň sagdynlygy baradaky amala aşyrylýan asylly işler hakynda agzalanda, welaýatlaryň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine täze, döwrebap «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, Mary welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine, Ahal welaýatynyň Bäherden etrap hassahanasyna, Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine, Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasyna, Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» öndürijisiniň «Dialog +» kysymly emeli böwrek enjamynyň sowgat berilmeginiň özi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan saglyk ulgamynda lukmançylyk hyzmatlaryny ösdürmek babatda ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

Merjen ATAÝEWA,
Ahal welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň çaga lukmany.