Geljekki diplomatlar bilen duşuşyk

9 Iýul 2024
325

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine hem baryp gördi. Milletler Bileleşiginiň ýolbaşçysynyň Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda 2007-nji ýylda açylan bu merkez, onda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda geljekki diplomatlar, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri bilen duşuşmagy ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde degişli hünär ugurlary boýunça bilim alýan we uçurym bolan ýaşlarymyz üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara beslenen taryhy waka boldy.

Duşuşyga bu ýerde döredilen Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň diňleýjileri, hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary, şeýle-de akademiýanyň ozalky uçurymlary gatnaşdylar. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň ýaşlary-da onlaýn görnüşde goşuldylar.

(Ýörite habarçymyz).