Hytaý Şençžen-Çžunşan ulag ulgamynyň gurluşygynda 10 dünýä rekordyny goýdy

8 Iýul 2024
219

Hytaýda Şençžen hem-de Çžunşan şäherlerini birleşdirýän köprüleriň we ýerasty geçelgeleriň ulgamy açyldy.

Bu özboluşly ulag ulgamynyň gurluşygy 7 ýyl dowam etdi. Bu ulgam özünde emeli adalary hem jemleýär. Olaryň arasynda suwasty geçelgeler çekildi. Adalar gury ýer bilen köprüler arkaly baglanyşýar. Şäherleriň arasyndaky ýoluň umumy uzynlygy 24 kilometre deňdir.