30-njy iýunda Fransiýada nobatdan daşary parlament saýlawlarynyň birinji tapgyry geçirildi. Saýlawlarda Marin Le Peniň we Žordan Bardellanyň «Milli bileleşik» partiýasy 33 göterimden gowrak ses alyp, birinji tapgyrda ýeňiş gazandy. Ikinji orny 28 göterimden gowrak ses bilen «Täze halk fronty» bileleşigi eýeleýär. Prezidentiň «Respublika üçin bilelikde» bileleşigi 22 göterimden gowrak ses alyp, üçünji orny eýeledi. Ses berişligiň birinji tapgyryna gatnaşyk ýokary derejede bolup, saýlawçylaryň 67 göterimi saýlaw uçastoklaryna geldiler. Fransuz metbugatynyň belleýşi ýaly, bu soňky onýyllykda iň ýokary görkezijileriň biridir.
«Milli bileleşigiň» ýolbaşçylary saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň netijelerinden soň fransuz parlamentiniň aşaky palatasynda absalýut köplüge eýe bolmaga bil baglaýarlar. Bu ýagdaý bolsa, partiýanyň başlygy Žordan Bardellanyň Premýer-ministr wezipesini eýelemegine mümkinçilik döreder.