Baş baýlygyň goragynda

3 Iýul 2024
258

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary, taýsyz tagallalary bilen ähli ulgamlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda hem guwandyryjy netijeler gazanylýar.

Häzirki wagtda berkarar döwletimiziň ähli künjeginde dünýäniň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglygy goraýyş we dynç alyş merkezleri, saglyk öýleri halkymyza ýokary derejede hyzmat edýär. Şeýle binalaryň ençemesi biziň welaýatymyzda hem bar. Ol ýerlerde welaýatymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary öz saglyklaryny berkidýärler, dynç alýarlar. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň kämil, sowatly, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär we giň ýollar açylýar. Ýaňy-ýakynda welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan çagalaryň saglygyny dikeltmekde möhüm bolan iki sany täze enjamyň sowgat berilmegi hem çagalar barada edilýän uly aladanyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Çynar GAZAKOWA,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.