Deňiz suwunyň ähmiýeti

3 Iýul 2024
185

Zähmet rugsadyny gyzykly we peýdaly geçirip, täze güýç, oňat keýp bilen ýene-de işe başlamagy islemeýän adam ýok bolsa gerek. Kaşaň jaýlarda ýerleşen, ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty ýola goýlan şypahanalarda saglygyňy dikeltjekmi ýa-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç aljakmy, berkarar Diýarymyzda ähli mümkinçilikler bar. Hatda Hazaryň saglyk üçin has ýaramly türkmen kenarynda dynç alyp, onuň jana tenekar suwunda gulaçlap ýüzmek hem bagtyýarlykdan nyşan.

Deňziň suwunda ýod köpdür. Bu element beýniniň işini işjeňleşdirýär, ýatkeşligi gowulandyrýar, galkan şekilli mäziň işine itergi berýär. Deňziň kenarynda 15 — 20 günläp dynç alnanda, bedeniň ýod bilen üpjünçiligi 35 göterim ýokarlanýar. Hlorly natriý (nahar duzy) deňiz suwuna şorumtyk tagam, hlorly we kükürtli magniý bolsa ajymtyk tagam berýär.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.