Ählumumy howpsuzlyk ýörelgelerine esaslanýan dünýä ähmiýetli tutumlar

3 Iýul 2024
161

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän dünýä ähmiýetli başlangyçlar halkara bileleşik tarapyndan hemişe uly goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etmegi, şeýle-de ýurdumyzyň BMG-ä agza döwletleriň 86-synyň awtordaşlygynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda teklip eden Kararnamasynyň şu ýylyň 21-nji martynda Baş Assambleýa tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi munuň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Ählumumy howpsuzlyk ýörelgeleri, parahatçylyk, özara ynanyşmak umumymilli bähbitleri nazarlamak bilen, dünýä giňişliginde ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda, hyzmatdaşlygy berkitmekde we ösdürmekde täze ugurlary ýüze çykarýar. Bu bolsa, ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýangyç-energetika pudagyna hem oňaýly täsirini ýetirýär.

«Balkan».