Il saglygy — ýurt baýlygy

3 Iýul 2024
194

Hormatly Prezidentimiz: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýmek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda baş baýlygyň halkyň saglygy bolup durýandygyna biz ajaýyp zamanamyzda gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, dürli sport desgalarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda alnyp barylýan işler bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

«Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygym bar — baýlygym bar», «Saglygym — baş baýlygym», «Saglyk — beglik» ýaly pähimleri miras galdyran pederlerimiz sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, zyýanly hem ýaramaz pişelerden gaça durmagy öz nesillerine beren terbiýelerinde, öwüt-ündewlerinde esasy ýörelge edinipdirler. Täze taryhy eýýamda şol ýörelgäniň dowamat-dowam bolýandygy her birimiz üçin buýsançlydyr. Esasanam, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň olaryň zyýanly endiklerden daşda durup, sagdynlygy, sporty hemra edinmeklerini gazanmakda uly ähmiýete eýediginem bellemek gerek.

Röwşenmyrat AKMÄMMEDOW,
Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň maýory.