Ýurt berkarar, il bagtyýar

3 Iýul 2024
217

Biz ýaşaýan döwrümizi uly buýsanç bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrýarys. Döwürlerden döwürlere, ömürlerden ömürlere ganat ýaýan bagtyýar ýaşaýşymyz, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň ýurt Baştutany bolup işlän ýyllarynda parasatlylyk bilen alyp baran içeri syýasatynyň miwesidir. Bu gün şol syýasat Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri bilen mynasyp dowam etdirilýär. Bagtyýar ýaşaýşymyz ynamly ädimler bilen nurana geljege sary uzaýar.

Bu gün döwletli Diýarymyzda her bir şäherde, her bir obada Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren beýik işleriniň miwesini görýäris. Eger ýurdumyzyň iň çetki etraplarynda ýaşaýan ilatyň hem çagalary döwrebap çagalar baglarynda terbiýelenilip, döwrebap orta mekdeplerde bilim alýan bolsalar, oba hojalykçylar çeken zähmetiniň miwesini bolluk bilen görýän bolsalar, ildeşlerimiz yzygiderli iş orunlary bilen üpjün edilip, olaryň bagtyýar ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýän bolsa, bu zatlaryň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň miweleridir.

Ahmet BAZAROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň kafedra müdiri, welaýat halk maslahatynyň başlygy.