Mary bazary

3 Iýul 2024
206

Hormatly Arkadagymyz “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “Ata-babalarymyz iňňän ýokary hilli harytlary taýýarlamagyň ussady bolmak bilen birlikde, uzak ýerler bilen şol harytlaryň söwdasyny hem işjeň ýola goýupdyrlar” diýip belleýär.

Gadymy döwürlerden başlap, “Älemiň ýedi ýolunyň çatrygy” diýlip atlandyrylan ene topragymyzyň üstünden ençeme ýyllaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýoly arkaly Gündogar bilen Günbatary birikdirýän esasy gatnaw ýollary geçipdir. Kerwen ýollarynyň ugrundaky Abiwerd, Nusaý, Sarahs, Ürgenç, Amul, Merw ýaly şäherlerde iri kerwen söwda düşelgeleri bolupdyr.