«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Pederlerimizden galan bir pähim bar: «Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy». Bu pentde juda tereň many bar. Behişdi bedew — halkyň buýsanjy. Türkmeni şonsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Taryhy köküni heňňamlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, ähli babatda milliligi bilen tapawutlanýan halkyň geçmişem, şu günem, ertirem bedew at bilen baglydyr. Bedewler — türkmeniň ganaty, toýda şöhraty, durmuşda wepadar hemdemi.