«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Her bir halkyň beýikligi, esasan, dünýä beren meşhur şahsyýetleri bilen kesgitlenilýär. Halkymyzyň beýik ogullarynyň biri Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Parasatly şahyr, Gündogaryň akyldarynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk bolmak bilen, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň şahyrana dili şirinligi, halka ýakynlygy bilen özüne çekýär. Onuň goşgulary milli halk döredijiliginiň ruhy we çeperçiligi bilen baýlaşdyrylypdyr. Bu bolsa eserleriň ynsan kalbyna ýakynlygyny üpjün edýär.