Hoja Ahmet Ýasawy we Magtymguly

26 Iýun 2024
270

Milli medeniýetimiziň ösüşlere beslenýän döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli mirasyny ylmy taýdan öwrenmekde möhüm işler alnyp barylýar. Bu işler şahyryň özünden öň ýaşap geçen dünýä akyldarlarynyň edebi däplerini ösdürişi hakda söz açyp, ony dürli deňeşdirmeler arkaly ýüze çykarmagyň möhümdigini kesgitleýär.

Umumadamzat bähbitli ynsanperwer ýörelgeleri ösdüren beýik şahsyýetleriň biri özüniň gymmatly mirasyny geljekki nesillere goýan Hoja Ahmet Ýasawydyr. Professor Ý.E.Bertels «Türkmen halkynyň edebi geçmişi» atly ylmy işinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine Hoja Ahmediň hikmetleriniň ägirt uly täsir edendigini belläpdir. Magtymgulyşynas alym Ahmet Bekmyradow bolsa «Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp hem täzeçillik gözlegleri» atly kitabynda Pyragynyň Ýasawynyň ömür ýoluna ýakyndan belet bolandygyny:

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.