Türkmen halkynyň beýik danasy

25 Iýun 2024
347

Dünýäde her bir halk öz milli gymmatlyklary, mirasy, medeniýeti, sungaty, edebiýaty bilen tanalýar. Ynsan aňyýetini ösdürmekde, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde edebiýat we sungat eserleriniň ähmiýeti örän uludyr. Medeniýetiň we sungatyň kämilleşmegi dünýäde agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini dabaralandyrmaga ýardam berýär. Medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, gadymy gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösen ýerinde milletiň döredijilik ukyby artýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi guruldy we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bina edildi. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýäniň dostlukly ýurtlarynyň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirildi. Ýadygärlik hem-de medeni-seýilgäh toplumy bedew batly ösüşlerimiziň, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň özboluşly alamatydyr. Bu taryhy wakalar Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuny has-da şöhratlandyrýar. Munuň özi şahyryň ajaýyp şygyrlarynyň adamzat kalbynda uly orun alandygyna şaýatlyk edýär.

Amanbibi HALMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.