Milli mirasymyzyň terbiýeçilik ähmiýeti

25 Iýun 2024
410

Şöhratly taryhymyza buýsanmak we wagyz etmek bilim işgärleriniň asylly ýörelgesine öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilik döredilýär. Bu günki günde bilim işgärleri hem milli mirasymyzy, gadymdan gelýän medeniýetimizi ýaş nesillere öwredýärler. Şunda nusgawy kitaplaryň, muzeý gymmatlyklarynyň ähmiýeti uludyr. Çünki nusgawy edebiýatdaky ajaýyp goşgular, pähimler, şeýle hem muzeý gymmatlyklary şöhratly taryhymyzyň şöhlelenmesi hökmünde ýaşlara oňat täsir edýär.

Ösüp gelýän ýaş nesle dürli ugurly terbiýe bermekde mekdep muzeýleriniň ornuny gündelik durmuşymyzda aýdyň görýäris. Biziň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebimizde hem ýörite muzeý bolup, nusgawy edebiýatymyzy wagyz etmäge ýardam berýär. Ol orta hünär okuw mekdebine degişli bolan halk döredijilik, taryhy-etnografik we okuw-usulyýet häsiýetli muzeýdir. Muzeý häzirki günde köp sanly muzeý gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Muzeý gorlaryny emele getirmek, muzeý gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak işine mekdebimiziň mugallymlarynyň we talyplarynyň, şeýle hem ata-eneleriň, beýleki raýatlaryň işjeň gatnaşýandyklaryny aýtmak gerek.

Sülgün ABDYRAHMANOWA,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.