Ýaş nesil hakda alada — abadan geljegiň binýady

22 Iýun 2024
296

Halkymyz çaganyň milli hem ruhy gymmatlyklardan gözbaş alýan däp-dessurlar esasynda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berip, ony asyrlarboýy kämilleşdiripdir. Döwürleriň we durmuşyň synagyndan geçen gadymy däpler esasynda çagalara bolan garaýşyň milli edep-ahlak mekdebini döredipdirler.

Çagada ýaşlykdan zähmet endiklerini kemala getirmekde, olarda edeplilik, lebzihalallyk ýaly ahlak sypatlaryny terbiýelemekde binýatlaýyn ýörelgeler hyzmat edipdir. Ata-babalarymyz çagalara irki ösüş döwründen zähmet çekmegi, hünäre hormat goýmagy öwredip, zähmete bolan söýgini şol döwürdäki milli oýunlaryň üsti bilen döretmegi başarypdyrlar. Çünki çaga üçin oýunlar özboluşly täsirli, terbiýeçilik ähmiýetli mekdep bolupdyr. Mysal üçin, palçykdan dürli şekiljikleri ýasamak ýaly oýunlara güýmenmekleri çagalarda irki döwürden döredijilige ukyby, zähmetsöýerligi we agzybirligi terbiýeläpdir. Olar ulaldygyça-da, kem-kemden maşgala zähmetine çekilip, guşlara, mallara seretmek ýaly ýumuşlar arkaly, zähmet endikleri kemala getirilipdir. Şeýlelikde, zähmetiň bar ýerinde berekediň, agzybirligiň bolýandygyny aňlaryna berk siňdirmek bilen, «Çekseň zähmet, ýagar rehnet», «Hünärli zor, hünärsiz hor», «Işleseň, il tanar», «Bir okana bar, birem — dokana» diýen ýaly pähimlerden ugur almagy öwredipdirler.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.