Bat­ga­lyk­da bo­lan wa­ka (He­ka­ýa)

21 Iýun 2024
395

Ru­do MO­RIS,
slo­wak ýa­zy­jy­sy

Iýun aýynyň Güni ýakyp-ýandyryp barýardy. Andreý Gregor pionerleriň ýygnanyşygyndan gaýdyp gelýärdi. Onuň keýpi çagdy. Ol yssydan ýaňa endiräp duran howada ýöremän, edil uçup barýan ýalydy. Onuň keýpden çykýança Gün şöhlesiniň astynda bolup, soňra bolsa arça tokaýlygyna edil guş ýaly uçup barasy gelýärdi. Oglan howlukman, demir ýoluň gum düşeginiň ýakasy bilen barýardy, haçan-da, oba yzda galanda, ol tokaýa tarap öwrüldi. Näbelet adamyň bu jelegaýlarda heläkçilige uçramagam mümkin: göräýmäge, hiç hili howp ýok ýaly — otlaryň üstünde kebelekler ganat kakyp, gaýmalaşyp ýör, ýek-tük ýerde ýalňyz olha ýa-da osina somalyp dur, käbir ýerlerde topbak ösen gyrymsy agaçlar gök salyp otyr; ýöne bular aldawçy batgalyk ýerlerdi. Birnäçe ädimden soň, Andreýiň aýaklarynyň astynda şalpyldy eşidildi, çüýrän, ýassyk şekilli topbak otlaryň aralaryndaky yşgalaňlarda goýy, zeňli, kerepli suw ýalpyldap göründi.