Fran­suz ede­bi­ýa­ty­nyň ýyl­dy­zy

21 Iýun 2024
429

Fransuz edebiýatynyň görnükli zenan ýazyjysy Anna Gawalda 1970-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Parižiň günbatarynda ýerleşýän Bulon-Biýankur kommunasynda eneden bolýar. Entek mekdepde okaýarka ol özüniň dile çeperligi, üýtgeşik beýan etme täri arkaly mugallymlaryny we deň-duşlaryny haýrana goýmagy başarýar.

1992-nji ýylda ol «Iň gowy söýgi hatyny» ýazmak boýunça bäsleşigiň ýeňijisi bolýar. Soňra ol 1998-nji ýylda «Aristot» nowellasy bilen «Syýadaky gan» bäsleşiginde hem üstünlik gazanýar. Ýene-de birnäçe bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan Anna Gawalda okyjylaryň göwnünden turmagy başaran eserlerini metbugatda neşir etdirmek kararyna gelýär.

Aýbölek SAHATOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Fransuz dilinden terjime eden