Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Türkmenistanyň Milli şaşka merkezi, Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda şaşka boýunça bäsleşik geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda «Türkmennebit» geofizika müdirliginiň «Goturdepe» önümçiliginiň hojalyk bölüminiň hünärmeni Umyt Hydyrow 1-nji orny eýeledi. «Türkmennebit» geofizika müdirliginiň pudaklaýyn harbylaşdyrylan goragynyň birleşdirilen otrýadynyň işgäri Baýrammyrat Täşliýew 2-nji, «Goturdepe» tilsimat ulaglar müdirliginiň mehanigi Azat Kiçigulow 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda Balkanabat şäheriniň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň arasynda geçirilen küşt boýunça ýaryşda Lukman Melikow, Tahyr Geldiýew hem-de Wadim Kubrakow dagy öňdäki orunlary eýeledi. Ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan işgärler guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.