Amerikanyň Milli hokkeý ligasynyň Stenli Kubogy ugrundaky final duşuşyklary ýokary depginde dowam edýär. «Florida Panters» bilen «Edmonton Oýlersiň» arasyndaky final duşuşyklarynyň 5-njisi geçirilip, çempionlyk indiki duşuşyga galdy. Ilkinji 3 duşuşykda ýeňiş gazanan «Florida Panters» topary ilkinji taryhy çempionlygyna bir ädim golaýlapdy. Ýöne 4–5-nji duşuşyklarda garaşylmadyk ýagdaýda ýeňlişe sezewar boldy.
1-2-nji duşuşyklar Floridada geçirilip, ýer eýeleri 3:0 hem-de 4:1 hasaplar bilen ýeňiş gazandy. 3-nji duşuşyk Kanadada oýnalyp, bu oýunda-da «Florida Panters» 4:3 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy. Ýöne 4–5-nji oýunlar juda başgaça boldy. 4-nji duşuşyk Kanadada geçirilip, ýer eýeleri 8:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda 1 gol geçirip, 2 asist eden Konnor MakDewid taryhy rekordy täzeledi. Ol pleý-off tapgyrynda bir möwsümde 32-nji asistini edip, bu ugurda NHL-iň rowaýaty ýyldyzy, kanadaly Weýn Gretskiniň 1988-nji ýyldaky rekordyny täzeledi.