Kalp joşgunynyň baýramy

20 Iýun 2024
723

Ilhalar başlangyçlar halkyň goldawyna eýe bolup, durmuş ýörelgesine, asylly däbe öwrülýär gidiberýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilip başlanan Medeniýet hepdeligini buýsanç bilen mysal getirip bileris. 2013-nji ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda ilkinji gezek Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülipdi. Dünýäniň ençeme ýurtlaryndan gelen edebiýat, sungat wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen hepdelik ýatdan çykmajak wakalara beslendi. 2014-nji ýylda bu medeni çäre gadymy Daşoguzy toýhana öwren bolsa, şondan soňky ýyl myhmanlary Mary topragy kabul edipdi. Şondan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen kalp gözelliginiň baýramy — Medeniýet hepdeligi ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinde hem-de Aşgabat şäherinde nobatma-nobat geçirilip gelindi. Bu ýyl bolsa Medeniýet hepdeliginiň öwüşgini has-da üýtgeşik bolar. Sebäbi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Medeniýet hepdeligi Milli Liderimiziň paýhasyndan dörän Arkadag şäherinde uly şatlyk-şowhuna beslenip geçiriler.

Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny geljek nesillere geçirmekde Medeniýet hepdeliginiň aýratyn ähmiýeti we çuňňur many-mazmuny bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan bu asylly däp giň möçberli medeni çärä öwrüldi. Oňa diňe bir öz ýurdumyzyň döredijilik toparlary we meşhur ýerine ýetirijiler däl, eýsem, daşary ýurtlardan hem sungat ussatlary gatnaşýarlar. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ylmy maslahatlar, muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, neşir önümleriniň sergileri, sungat ussatlarynyň konsertleri, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň döredijilik, folklor toparlarynyň, ýaş aýdymçylaryň we sazandalaryň cykyşlary geçirilýär, belli ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda şygryýet agşamlary guralýar, sahna oýunlarynyň, operalaryň ilkinji görkezilişleri bolýar. Bu babatda «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr», «Magtymguly», «Görogly», «Aýna», «Saýathan» ýaly opera eserleriniň görkezilendigi aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň kino işgärleri-de medeniýet baýramçylygyna sowgatly barýarlar.

Şasenem SAPAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň neşirleri toplaýyş bölüminiň bölümçe müdiri.