Gözelligiň göwher gaşy

20 Iýun 2024
776

Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadyň Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, ykdysady we medeni merkez hökmündäki orny barha giňedi. Ylaýta-da, Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz aladalary, döredijilik zehini, binagärlik paýhasy bilen soňky 15-16 ýylyň dowamynda Aşgabadyň şähergurluşyk pudagy görlüp-eşidilmedik derejelere ýetdi. Ak mermer bilen örtülen ýüzlerçe ymaratlar tapgyr-tapgyr bina edildi. Paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň onlarçasynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa her birimizi buýsandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherleriniň hataryna goşmak barada uly işleri amala aşyrýar. Muňa Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Munuň özi Aşgabadyň dünýäniň iň kuwwatly, ösen we gözel paýtagtlarynyň birine öwrülýändigini subut edýär. Aşgabat häzirki zaman şertlerinde ileri tutulýan ekologiýa, peýzaž dizaýny we häzirki zaman ösen binalaryň içki we daşky dizaýn binagärligi babatynda-da sebit paýtagtlarynyň arasynda öňdäki hatarda durýar. Şäherimiz soňky ýyllarda gür baglygyň, seýilgähli bossanlygyň mekanyna öwrüldi. 2022-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly beren goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi munuň aýdyň şaýadydyr.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.