Pursatlar

20 Iýun 2024
735

1964-nji ýyl. Mary şäheriniň 10-njy orta mekdep-internatynda gutardyş synaglary gidýärdi. Mekdebiň uzyn zalyndan elleri depder-kitaply oglan-gyzlar eýläk-beýläk geçýärdiler. Ikinji gata galýan basgançaklardan ýokaryk hasanaklaşyp barýanlaryň arasynda bir orta boýly dogumly ýigit egnindäki mahmal gaply dutary bilen boýdaş ýalydy. Ol gutardyş synaglaryny tabşyrýan okuwçylaryň biridi.

Synag alýan mugallymlar oňa: «Aýdym aýdyp berseň, gowy baha goýarys» diýip degişdiler. Gutardyş synagy tamamlanansoň, dabara başlandy. Dabara geçýän ýerdäki oturgyçlary oglanlar bilen daşyna çykardyk. Ýere düşek düşeldi. Pessejik sahna haly-palas ýazyldy. Orta çäýnek-käse goýuldy. Ýaňky ýaş ýigit bilen eli dutarly bir görmegeý adam sahnada oturdy. Ol Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda işleýän Türkmenistanyň at gazanan artisti Berdi Atajanowdy.

Aman REJEBOW,
kinorežissýor.