Okaň, bagtly balalar!

20 Iýun 2024
409

Çagalykdan kitap okasaň, düşünjäň, oý-pikiriň artýar. Ylaýta-da, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň paýhas ummanyndan ýüregiňe daman damjalardan ganmak lezzetli. Şahyryň her bir setiriniň aňyrsynda rowaýata siňen hakykat bar. Çuň mana ýugrulan şol rowaýatlar ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanylyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.

«Ady bar-da, özi ýok». Körpe okyjylar! Magtymguly Pyragynyň türkmen tebigatyndaky guşlary rowaýaty äheňde çeper beýan edendigini biljek bolsaňyz, basymjak bu kitaby okaň! Kitapdaky guşlar: yshak, turaç, mollatorgaý sizde gowy duýgulary döreder.

Ýörite habarçymyz.