Kitap okamagyň edebi

20 Iýun 2024
286

Kitap, elbetde, ynsanyň iň ýakyn dostudyr. Dost bilen gatnaşygyň bolsa öz edebi, medeniýeti bardyr. Şonuň üçin hem kitaby diňe bir okamak ýa-da gowy görmek ýeterlik däl. Ony gorap saklamak gerek. Okamak üçin alnan amanat kitaby bolsa gözüň göreji ýaly aýawly saklamaly.

Köpçülikde kitaby sessiz okamaly. Kitabyň möhüm maglumatly ýerlerine galam bilen bellik etmek peýdalydyr. Eger kitap özüňki däl bolsa, belligi aýratyn depdere ýa ýandepderçä etmeli. Kitaphanada ýa köpçülik ýerlerinde ýanyňyzdaky biriniň okaýan kitaby sizi gyzyklandyrsa, boýnuňy uzadyp, edepsiz görünmeli däl-de, mylaýymlyk bilen islegiňizi duýdurmaly.

Welmyrat REJEPOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.