Söz — medeniýet işgärlerinden

19 Iýun 2024
921

Abdylazym REJEBOW,
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, režissýoryň kömekçisi:

— Medeniýet hepdeliginiň Arkadag şäherinde geçirilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Biz hem Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň agzybir döredijilik işgärleri bolup, Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Älem nury» atly sahna oýnuny, şeýle-de Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bilen bilelikde «Göroglynyň döreýşi» atly teatrlaşdyrylan çykyşy taýýarladyk. Nesip bolsa, tomaşaçylaryň göwnünden turar diýen tamamyz bar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, bütin halkymyzy gutlaýaryn.

Ýazga geçiren Çaryberdi REJEBOW.
«Arkadag».