«Gözel sen» bilen ak pata alan

19 Iýun 2024
662

Halypa bagşymyz Sahy Jepbarow ähli aýdymlaryny şol bir dutarda ýerine ýetiripdir. Munuň sebäbi hem şol dutary oňa öz halypasy Hally bagşy sowgat beripdir.

Sahy Jepbarow akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna birnäçe aýdymlary döredipdir. Olara «Gözel sen», «Türkmeniň», «Ýar ýüzünden», «Bizden ki uýat eýleýir», «Ili gözlär», «Bolar sen», «Boýlaryňa» ýaly aýdymlar degişlidir. Rowaýata görä, «Gözel sen» aýdymyny Sahy Jepbarow halypasy Hally bagşydan pata almak üçin ýerine ýetirip berýär. Aýdym halypasynyň göwnünden turýar. Sahy Jepbarow hem öz şägirtlerine ak pata berjek bolanda şol aýdymy aýtdyrýar eken. Ussat halypamyz Sahy Jepbarowyň döreden eserleri türkmen sungatynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, öz süýjüligini ýitirmän gelýär.

Parahat DAŇATAROW,
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyby.