Geçen hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň güýçli klublarynyň birnäçesi täze tälimçilerini yglan etdiler
Has takygy, Dortmundyň «Borussiýasy» Edin Terziç bilen hoşlaşyp, onuň ornuna Nuri Şahini bellän bolsa, «Milany» mundan beýläk Paulu Fonseka, «Ýuwentusy» bolsa Tiagu Motta türgenleşdirer. Mundan başga-da, tälimçiler barada gürrüň gozgalanda, «Mançester Ýunaýtediň» ýolbaşçylarynyň Erik ten Hagy işden boşatman, oňa ýene bir möwsümlik mümkinçilik bermek baradaky karara gelendigini bellemek gerek.