Mähirli dostlukdan nyşan

17 Iýun 2024
437

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň gadymy Beýik Ýüpek ýoly döwründen gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklarynyň baý taryhy bar. Bu ýoluň mirasdüşerleri bolan biziň ýurtlarymyz häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürýärler. Beýik Ýüpek ýoly diňe bir söwda gatnaşyklaryny ilerletmäge däl, eýsem, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna hem uly itergi beripdir. Şunda Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň hatarynda durýandygy, iki halkyň örän baý medeni mirasa eýedigi ykrar edilen hakykatdyr. Gadymy medeniýetler, medeni gymmatlyklar türkmen hem hytaý halklaryny has-da ýakynlaşdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, 17-nji maýda paýtagtymyzda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly maslahat geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa hem-de Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýeti gatnaşypdy. Forumda türkmen we hytaý halklarynyň gadymdan gelýän ruhy gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi. Şol duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň agtyjagy Aýjeren geçen ýyl atasy bilen Hytaýda bolan pursatlarynda özüne sowgat berlen panda gurjagynyň şekilini keşdä geçirendigini aýdyp, myhmandan şol taýýarlan işini HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň maşgalasyna gowşuryp bermegini haýyş edipdi. Golaýda bolsa Milli Liderimiziň maşgalasyna hytaý Lideriniň maşgalasy hanym Pen Liýuanyň adyndan hat gelip gowuşdy. Ol hatynda Aýjereniň iberen sowgadyny kabul edendigini, panda gurjagynyň şekili çekilen keşdäniň özünde ýakymly täsirleri döredendigini mälim edýär. Ogulgerek Berdimuhamedowanyň ussat halyçy hökmünde türkmen milli amaly-haşam sungatynyň goralyp saklanmagyna we baýlaşdyrylmagyna goşýan goşandyna ýokary baha berýär. Hormatly Arkadagymyzyň agtygynyň köp zähmeti, sabyrlylygy talap edýän şeýle işi ýerine ýetirmegi başarmagy türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň mynasyp derejede nesilden-nesle geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

“TÜRKMENISTAN”