Maşgala, dogan-garyndaşlar, goňşy-golamlar, dost-ýarlar bilen bilelikde geçirilýän baýramçylyk saçagyna iýmit önümleri goýlanda, olaryň taýýarlanyş, saklanyş düzgünleri pugta berjaý edilmelidir. Muňa arassaçylyk — gigiýena kadalarynyň ýönekeýje şertleri hem degişli bolup biler. Hut şonuň üçin baýramçylyk saçagyny taýýarlaýanlaryň arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegi hökmandyr.
Mundan başga-da, howanyň yssy döwrüne gabat gelen baýramçylyk günlerinde bedende, iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyklary ýüze çykarmak howpunyň öňüni almak üçin çendenaşa iýmekden saklanmalydyr.