Söz manysy

15 Iýun 2024
627

Galbir

Häzir biz elek diýilse, gözenegi metaldan, gataňsy sintetiki süýümden edilen elekleri göz öňüne getirýäris. Ýöne Magtymgulynyň döwründe elekler gowy işlenen gönden-deriden hem edilipdir. Şonda künji, dary, gonak /dänesi ownujak azyklyk ekin/, un elemek üçin ulanylýan elekler elek, uşakgöz, künji elek, un elek kimin atlandyrylsa, bugdaý, arpa, jöwen, mäş eleýän elekler galbir ýa-da irigöz ýaly atlandyrylypdyr. Galbirler deriden, özem oda gyzdyrylan demir çiş bilen deşilip ýasalypdyr. Magtymguly atamyz, «Galbirde suw durmaz gözemek bilen» diýýän wagty gözi iri şol elegi göz öňünde tutýar.

Şöhrat ABDYÝEW.